Zehinli ýaşlar

Lebap welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda "Ýokary matematika", "Sanly ykdysadyýet", "Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary" derslerinden ders bäsleşikleri geçirildi.  Bu çäreler sanly ulgamy ösdürmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olaryň saýlap alan hünärleri boýunça ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýär. Ders bäsleşiklerinde 

"Ýokary matematika" dersi boýunça:

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Myratgeldiýewa Dursun I orna;

"Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby Hümmedowa Mähriban II orna;

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Ereşowa Maral III orna;

"Sanly ykdysadyýet" dersi boýunça:

"Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby Myradow Baýram I orna;

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Hoşwagtowa Sewinç II orna;

"Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby Döwranowa Suraýa III orna;

"Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary" dersi boýunça:

"Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby Gapbarow Safarbek I orna;

Türkmenabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Amanow Mekan II orna;

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Şatlykow Jeýran III orna mynasyp boldylar.