Dalaşgär 2026

LEBAP WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2026/2027-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: 

1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy

2. Maliýe we karz

3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş

4. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary

5. Salgytlar we salgyt salmak

6. Bank işlerini programmirlemek

    Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine Lebap welaýatynda hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. 

    Okuwyň möhleti 2 ýyl. 

    Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. 

    Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2026-nji ýylyň 13-nji iýulyndan — 17-nji awgusty aralygynda kabul edilýär. 

    Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 

  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

  • bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

  • 3x4 ölçegli sekiz sany fotosurat;

  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;

  • Harby şahadatnamasy ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasy; 

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

    Giriş synaglary we okuw kabul edilmek  Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat şäheri) 2026-nji ýylyň awgust aýynyň 20-21-i, 23-i we 24-i günlerinde geçirilýär.

    Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär.

   Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.

   Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýärler.

   Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

DALAŞGÄRLERIŇ DYKGATYNA!

 Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2026-njy ýylda okuwa girmäge isleg bildirýänleriň saglygy goraýyş barlaglary 2026-njy ýylyň 13-nji iýulyndan 17-nji awgusty aralygynda Lebap welaýatynyň şu aşakdaky saglyk öýlerinde geçiriler:

  • Türkmenabat şäherindäki 1-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Zynhary köçesiniň 31-nji jaýy, tel.: (800422) 7-12-35, 7-16-71, 7-06-76. 

  • Türkmenabat şäherindäki 5-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Magtymguly köçesiniň 113a jaýy, tel.: (800422)3-77-60, 3-82-52, 3-78-77, 3-50-59, 3-50-70. Kerki etrap hassahanasy: Kerki ş. S.Nyýazow köçesiniň 137-nji jaýy, tel.: (800444) 2-03-22, 2-00-03, 2-50-65, 2-55-90. 

  • Dänew etrap hassahanasy: Dänew ş., Dänew köçesiniň 21-nji jaýy, tel.: (800446) 2-15-00, 2-03-46, 2-25-03.

  • Kerki etrap hassahanasy: Kerki ş., S.Nyýazow köçesiniň 137-nji jaýy, tel: (800444) 2-003-22, 2-00-03, 2-50-65, 2-55-90. 

  • Darganata etrap hassahanasy: Darganata ş. H.Babaýew köçesiniň 7-nji jaýy, tel.: (800445) 2-01-28, 2-04-65, 2-03-95.

Kabul ediş toparynyň iş wagty: 

Sagat 8:00-dan 18:00-a çenli, arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli dynç alyş günsüz işleýär.

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:

 Türkmenabat şäheriniň Gurbansoltan eje köçesiniň 22-nji jaýy, tel.: +993 (422) 3-46-12, 3-45-98