Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilim dünýäsindäki üstünlikleri täze sepgitlere ýetýär. Halkara ülňülere laýyk gelýän bilim özgertmeleriniň netijesinde, Türkmenistanyň geljegi bolan ýaş nesiller döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde özleriniň baý bilim goruny görkezýärler. Ýakynda geçirilen döwlet ders bäsleşiklerinde Lebap welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary uly üstünlik gazanyp, welaýatymyzyň abraýyny has-da belende göterdiler.
Döwlet ders bäsleşiklerinde gazanylan bu ajaýyp netijeler döwletimiz we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýokary baha tapdy. Ýeňiji bolan zehinli talyplary sylaglamak maksady bilen dabaraly çäre geçirildi. Dabaranyň barşynda talyplara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat komiteti tarapyndan gymmat bahaly sowgatlary ýaşlaryň döredijilik we ylym ukyplaryny mundan beýläk hem kämilleşdirmek, olary täze ýeňişlere ruhlandyrmak maksady bilen dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýaşlaryň kämil bilim almagy, ylym dünýäsine giňden aralaşmagy üçin ähli şertleri we giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize ýaşlaryň we mugallymlaryň minnetdarlygy çäksizdir.
Döwlet ders bäsleşiklerinde ýokary orunlary eýelän talyplarymyzy hem-de olaryň yhlasly mugallymlaryny gazanan ajaýyp ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Muradow A.
