Ylym — rowaçlygyň we ösüşiň binasy

       Häzirki zaman dünýäsinde islendik döwletiň ykdysady we durmuş taýdan ösüşi, ilkinji nobatda, onuň ylym-bilim derejesi bilen ölçenilýär. Türkmenistanda her ýylyň 12-nji iýunynda dabaraly bellenilýän Ylymlar güni ýurdumyzda ylmyň jemgyýeti öňe alyp baryjy güýçdigini ýene bir gezek subut edýär. Döwletimiziň ylym ulgamyna berýän uly ünsi we goldawy netijesinde, ýurdumyzyň alymlary we ýaş gözlegçileri düýpli ylmy açyşlary amala aşyrýarlar.

     Häzirki döwürde Türkmenistanyň ylmy ösüşi düýbünden täze, innowasion sebitlere aýak basdy. Esasy üns maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna, emeli intellekte we sanly ykdysadyýetiň kämilleşdirilmegine gönükdirilýär. Döwrebap barlaghanalar we ylmy merkezler ýaşlaryň iň täze tehnologiýalary özleşdirmegine, dünýä derejesinde bäsleşip biljek programmalaýyn üpjünçilikleri döretmegine giň mümkinçilik açýar.

     Ylym — diňe bir kitapdaky bilim bolman, eýsem ol biziň amaly durmuşymyzy, ykdysadyýetimizi we aýdyň geljegimizi gurýan esasy gözbaşdyr. Ylymlar güni ýurdumyzyň ylym jemgyýetçiligini we zehinli ýaşlaryny täze maksatlara, beýik açyşlara ruhlandyrýar. 

      Ylmyň güýji — Watanymyzyň durnukly ösüşiniň we rowaçlygynyň berk kepilidir.

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Muradow A.