Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçirilen dabaraly çäreler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň we Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda kabul edilen strategiki çözgütleri halk köpçüligine ýetirmekde we dabaralandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Bu wagyz nesihat çäresine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Lebap welaýat birleşmesi, şeýle hem mekdebiň jemgyýetçilik guramalary, mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Hoşallyk çäresiniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatyna berk goldaw we çäksiz minnetdarlyk beýan edildi.
