Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen tassyklanan "Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan" hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek, ýaşlaryň arasynda ýüze çykyp biljek kanun bozulmalaryň, adam söwdasynyň, nika bozulmalarynyň we öz janyňa kast etmek ýaly herketleriň öňüni almak, milli kanunçylygy, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň, ýangyn howply ýagdaýlaryň öňüni alynmagynyň ähmiýetini düşündirmek, ýaşlaryň durmuş goraglylygyny, psihologik goldaw hyzmatlaryna elýeterliligini, olaryň migrasiýa boýunça sowatlylygyny gazanmak, ýurdumyzda giňden bellenilip geçirilýän milli we halkara derejesindäki medeni-köpçülikleýin çäreleriniň asuda ýagdaýda geçirilmegini gazanmak, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesillerde watansöýjülik, ruhy-ahlak duýgularyny kämilleşdirmek, milli gymmatlyklarymyza belent hormat goýmak, päk zähmete ygrarlylyk sypatlaryny kemala getirmek we olary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza uly buýsanç, çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
