Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň, dost-doganlygyň we durnukly ösüşiň ýurdy hökmünde dünýäde giňden meşhurlyk gazanýan eziz Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent sepgitleri nazarlaýan tutumly Maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy barha pugtalanýar.
2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň Gazagystan döwletinde geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagy hem-de bu sammitde Türkmenistanyň öňe sürýän ekologiýa başlangyçlary BMG-niň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklylygy barada eden taryhy çykyşy mynasybetli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Sebitiň ekologik abadançylygy – Hormatly Prezidentimiziň sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlary» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Aýna Rozyýewa
