Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy düýpli özgerdilýär. Geljegi uly, ylymly-bilimli we kämil hünärmenleri ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu maksat bilen, Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda geçirilen hünäre ugrukdyryş we wagyz-nesihat çäreleri ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde uly orna eýedir.
Maliýe-ykdysady ugurlary boýunça bilim alýan talyplara saýlap alan hünärleriniň döwrüň talaplaryna laýyk gelýändigi düşündirildi.
Ýurtda amala aşyrylýan sanly ykdysadyýete geçiş şertlerinde ýaş hünärmenleriň döwrebap tehnologiýalary özleşdirmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Talyplaryň geljekde zähmet bazarynda bäsleşige ukyply hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin okuw we önümçilik tejribeliklerini talaba laýyk geçmeginiň zerurlygy bellenildi.
Geçirilen wagyz-nesihat we hünäre ugrukdyryş çäreleri talyp ýaşlaryň Watana we hünäre bolan söýgüsini has-da artdyrdy. Ýygnagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlara bilim almaga we hünär öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
