Garaşsyzlyk islendik halkyň taryhynda iň mukaddes, iň gymmatly we iň beýik düşünjedir. Ol diňe bir syýasy status bolman, eýsem halkyň öz ykbalyna özüniň eýe bolmagydyr, erkinligidir, geçmişine we geljegine bolan guwanjydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe garaşsyzlyk düşünjesi biziň durmuşymyzyň esasyny we iň uly baýlygymyzy düzýär.
Halkymyzyň asyrlar boýy kalbynda beslän iň belent arzuwlarynyň hasyl bolmagy hut Garaşsyzlyk bilen baglydyr. Bu mukaddeslik bizi dünýä tanatdy, öz taryhymyzy, medeniýetimizi, milli gymmatlyklarymyzy we ene dilimizi gaýtaryp berdi. Garaşsyzlygyň beren iň uly miwesi bolsa — asuda asmanymyz, agzybir halkymyz we parahat durmuşymyzdyr.
Şu geçen ýyllaryň içinde ýurdumyz taryh üçin gysga, ýöne ösüşler üçin gaty uly menzilleri geçdi. Şäherler binalar bilen bezeldi, ykdysadyýetimiz güýçlendi we iň esasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli özgerdi. Biziň Garaşsyz döwletimiz bu gün dünýä sahnasynda parahatçylygyň, durnuklylygyň we dostlugyň nusgasy hökmünde yglan edilýär.
Garaşsyzlyk — bu hemmämize uly jogapkärçilik hem ýükleýär. Watanymyzy söýmek, onuň her bir daban ýerini mukaddes saýmak, gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmek her bir raýatyň borjudyr. Geljekki nesillere has kuwwatly, has gülläp ösen we bagtly döwleti galdyrmak biziň iň belent maksadymyzdyr.
Şonun bilen birlikde, Garaşsyzlygymyz biziň hemişelik Bitaraplygymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Özbaşdak ösüş ýoluna gurlan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan yzygiderli goldanylýar. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterip, sebitde we bütin dünýäde durnuklylygyň daýanjy bolmagyny üpjün edýär.
Goý, biziň mukaddes Garaşsyzlygymyz baky bolsun, berkarar Watanymyz hemişe parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrülsin!
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy A.Astanow
