2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň ähli bilim ojaklarynda bolşy ýaly, Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hem Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre we ilkinji okuw sapagy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Ýurduň ykdysady we maliýe ulgamy üçin kämil hünärmenleri taýýarlaýan bu bilim ojagynda guralan çäreler talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň arasynda uly ruhubelentlik döretdi.
Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim edaralarynyň işgärlerine iberen baýramçylyk Gutlagy uly buýsanç bilen okaldy.
Mekdebiň okuw otaglarynda guralan täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen mowzuga bagyşlandy. Okuw dersiniň dowamynda talyp ýaşlara Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly taryhynda ýerine ýetirilen beýik işler, ýurduň ykdysady garaşsyzlygyny berkitmekde gazanylan üstünlikler, sanly ykdysadyýetiň ösüşi we ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Muradow A.
