Bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmagyň geljegi we meseleleri

      2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde hünär kämilleşdiriş we tejribe alyşmak maksatly okuw-usuly seminar geçirildi. Bu çäre Lebap welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly geňeşiniň 2026-njy ýyl üçin tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda guraldy.

     Seminaryň dowamynda welaýatyň orta hünär okuw mekdeplerinden gelen mugallymlar we usulçylar ýaşlara döwrebap bilim bermek, okatmagyň innowasion usullaryny önümçilik bilen utgaşdyrmak ýaly meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar. Esasy üns bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary giňden ulanmaga, agrosenagat we beýleki hünär ugurlary boýunça dersleriň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirildi.

    Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar özara tejribe alyşmagyň we şeýle seminarlary yzygiderli guramagyň geljekde kämil hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýedigini bellediler.