Ak mermerli ylhamyň mekany: Aşgabat şäheriniň güni gutly bolsun!

      Her ýylyň 25-nji maýynda ýurdumyzyň ýüregi, Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň baş täji bolan Aşgabat şäheriniň güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Bu gün diňe bir seneli baýram däl, eýsem ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligine, ösüşine we her birimiziň oňa bolan söygümize taryp aýtmak üçin ajaýyp pursatdyr.

       Aşgabat — taryhyň çuňlugyndan gözbaş alyp, geljege ynamly gadam basýan, döwrebaplyk bilen milliligi özünde jemleýän ajaýyp nusgalyk şäherdir.

Paýtagtymyz dünýä derejesinde diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem özboluşly aýratynlyklary bilen hem tanalýar:

  • Ginnesiň Rekordlar Kitaby: Aşgabat dünýäde iň köp ak mermerli binalaryň jemlenen şäheri hökmünde tanalýar. Mundan başga-da, paýtagtymyzdaky birnäçe binagärlik desgalary hem bu meşhur kitaba girmegi başardy.

  • Smart we Sanly Şäher: Häzirki wagtda şähergurluşykda "Akylly şäher" konsepsiýasy giňden ulanylýar. Sanly ulgamlaryň we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaşaýyş şertlerini iň ýokary derejä ýetirýär.

  • Halkara Medeni Merkez: Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň «Döredijilikli şäherler ulgamyna» goşulmagy, onuň dünýä medeniýetindäki we binagärlikdäki ösen ornuny bütindünýä ykrar etdirdi.

     Aşgabat özüniň giň hem-de dury şaýollary, lowurdap duran çüwdürimleri, gök zolaklary we bagy-bossan seýilgähleri bilen gelip-giden her bir ynsanyň ýüreğinde ömürlik orun alýar. Bu şäher parahatçylygyň, dostlugyň we ynsanperwerligiň mekanydyr. Halkara maslahatlara, sport ýaryşlaryna we medeni çärelere ýokary derejede gurnalan meýdançalary bilen joşgunly uly durmuş merkezidir.

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy: A.Muradow