Zemini al – ýaşyl büräp, gadymy hem mukaddes topragymyzy güllere bezäp, pasyllaryň soltany bahar geldi, ýaz geldi. Bu bahar özüniň gözelligi bilen, ajaýyplygy bilen haýrana goýýan bagtyýarlyk bahary, galkynşyň bahary, bagtyň, yşgyň, söýgüniň bahary.
Baharyň gelmegi bilen tebigat täzeden janlanyp, täze ýaşaýşyň buşlukçysy bolup, tebigaty gözelligi bilen özgerdýär. Bahar paslynyň bolsa ilkinji günlerinde milli ýörelgelerimizi we maşgala mukaddesliklerimizi mynasyp dowam etdirýän enelermiziň, gözelligi edep-ekrama ýugrulan gelin-gyzlarmyzyň şanyna guralýan aýdym-sazly dabaralaryň olaryň göwünlerini galkyndyryp, Graşsyz Watanymyza ösüp gelýän nesillermizde milli buýsanjy, belent ynsanperwer, Watanymyza wepaly, ahlakly, sagdyn we ruhubelent häsiýetleri nesillerde terbiýelemekde bitirýän hyzmatyna hormat goýup mähriban zenanlarymyza ýokary baha berilýär. Olara Türkmenistanyň gülläp ösmeginde zenanlaryň bitirýän uly hyzmatlaryny, terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň ähli çagalar bagynda gatnaýan çagalardan başlap tä kümüş saçly enelerimize çenli Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň zenanlaryna 60 manat pul sowgady gowşurylýar. Bu bolsa ýurdumyzda zenanlara goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Çünki zenan maşgalanyň sütüni hökümünde ýokary ahlaklylyk nusgasy bolan eziz enelermiziň mertebesini belentde tutmak türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelesidir. Watana, il-güne, peder ojagyna wepaly, lebzi halal, zähmetsöýer gelin-gyzlarmyz biziň abraý-mertebämizdir. Maddy we ruhy gymmatlyklarmyzy, nesilden-nesle geçirip gelýän däplermizi dowam etdirijilerdir.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň zenanlaryna mynasyp durmuş we döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilip, gender deňligi kanun arkaly üpjün edýär. Olaryň hukuklaryny, bähbitlerini, maşgalany goldamak, eneligi we çagalygy goramak babatda hem ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde eden hyzmatlary üçin bolsa hormatly atlar dakylýar. Ine şu mynasybetli Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Hormatly Prezidentimiziň pul sowgatlarynyň dabaraly gowşurylyşy geçirildi. Ýurdumyzda gelin-gyzlarymyza edilýän bu aladalaryny duýýan her bir zenan özüni bagtly döwrüň bagtly zenany diýip Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyp, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmaklaryny, mundan beýläkde zenan mertebesini beýge götermekde alyp barýan işlerinde rowaçlyklar dileýärler.
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň başlygy Rozyýewa Aýna