Ýetilen sepgitler belentlige nazarlanýar

      Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, pudaklarynda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna, ýaşlaryň sanly tehnologiýalaryndan başarnyklaryny ýokarlandyryp dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilimlerden ýüki ýetik, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişdirmäge, mugallymlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň çäklerinde sanly bilim ulgamy girizildi we bu ugurdy ähmiýetli döwlet derejesindäki üstünlikli işler amala aşyrylýar. Bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylyşy “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna” laýyklykda alnyp barylýar. Onuň çäklerinde bu ulgamyň sanlylaşdyrylyşy, sanly ykdysadyýeti ösdürmek we kiberhowpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly Döwlet maksatnamalary esasynda wezipeler-bilelikde amala aşyrylýar.      

         Bu ugurda ýaňy-ýakynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 13-14-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Maglumatlar tehnologiýalarynyň” Türkmen-hindi merkezinde “Sanly bilim” atly festiwaly geçirildi. Festiwal ýurdumyzyň ähli sebitlerinde zähmet çekýän sanly bilim ulgamynyň işgärlerini, hünärmenlerini we mugallymlaryny bir ýere jemledi. Bu festiwalyň geçirilmegiň maksady “Sanly bilimi, sanly ykdysadyýeti we kiberhowpsuzlygy ösdürmek boýunça Meýilnamasynda”   bellenen wezipeleri ýerine  ýetirmekdir. Festiwalyň çäginde ýurdumyzda sanly bilimiň ornaşdyrylyşy we bu ugurda amala aşyrylýan işler we olaryň maksatlary, geljekde hem göz öňünde tutulan ýerine ýetirmeli, sepgitler dogrusynda giňişleýin çykyp geplänleriň mowzuklarynda öz beýanyny tapdy. Şeýle-de bu ulgamda amala aşyrylylan sepgitleriň gazanylan üstünlikleriniň görkezme sergisi hem guraldy. Festiwalyň çäklerinde geçirilen elektron okuw toplumlary bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem boldy. Bu festiwalda ýurdumyzyň sanly bilim ulgamyny ösdürmekde  şahsy goşan goşandy üçin Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň hünärmeni Akmuhammet Begseýidow minnetdarlyk hökmünde  Bilim ministrliginiň Hormat haty bilen  sylaglanyldy. 

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy  Muradow Allamurad