Ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäreleri geçirildi

   Ýaňy ýakynda okuw mekdebimizde dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirilen parahatsöýüjilikli, ynsanperwer syýasatlaryny, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň many-mazmuny, Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer halkara başlangyçlary, ýurdumyzda dürli ulgamlarda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri talyp ýaşlara giňden düşündirmekligi üpjün etmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu ýygnaga Türkmenabat şäher häkimliginiň hünärmeni, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň hünärmeni, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Türkmenabat Polisiýa bölüminiň ýerli wekili, Türkmenabat şäher Prokuraturasynyň tälimalyjy kömekçisi ýaly hünärmenler gatnaşdylar.

    Gün tertibinde Bitaraplyk derejesiniň many-mazmuny, Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer halkara başlangyçlary, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklygyny wagyz etmek, hukuk sowatlylygyny artdyrmak, hukuk bozulmalaryny düşündirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, türkmeniň ata-baba milli däp-dessurlarymyzy, döwletlilik ýörelgeleri esasynda sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alyp talyplaryň sagdyn ruhda terbiýelemek, olaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak meselelerinde durup geçdiler. Çäre örän täsirli bolup, talyp ýaşlar bilen sorag-jogap alyşyldy. Gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzda döredip beren şeýle ajaýyp şertleri üçin öz hoşallygyny bildirdiler.

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Ş.Garaýew