Ýakynda bilim ojagymyz bolan, Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlara wagyz-nesihat äheňde ýygnak geçirildi. Bu ýygnaga TDP-nyň Lebap welaýat Çärjew etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni, Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-nyň gözegçisi, Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 1-nji bölümçesiniň wagyz nesihat boýunça uly gözegçisi ýaly hünärmenler gatnaşdylar.
Gün tertibinde ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklygyny wagyz etmek, türkmeniň ata-baba milli däp-dessurlarymyzy, döwletlilik ýörelgeleri esasynda sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alyp talyplaryň sagdyn ruhda terbiýelemek, olaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek meselelerinde durup geçdiler. Çäre örän täsirli bolup, talyp ýaşlar bilen sorag-jogap alyşyldy. Gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzda döredip beren şeýle ajaýyp şertleri üçin öz hoşallygyny bildirdiler.
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Hudaýberdiýew A.