Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýoly

   Ýaňy ýakynda mekdebimizde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat, şäher, etrap komitetleriniň we Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýoly” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäginde  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna degişli meselelere, şeýle-de tapgyrlaýyn ösüşler, ýetilen sepgitler dogrusynda giňişleýin söhbetler edildi. Aýratyn hem, mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Atajan Jumadurdyýewiň bu sepgitlere ýetmek üçin ýurdumyzda ykdysady ugurlar boýunça kabul edilen kanunlar we olardaky üýtgetmeler dogrusyndaky gürrüňler ýerlikli boldy. Bu bolsa şu ugurdan taýýarlanýan orta hünär okuw mekdebimiziň talyplarynda uly gyzyklanma döredip, olaryň sorag-jogap bilen gatnaşmagyna getirdi. Maslahat diýseň täsirli we özüne çekiji, gyzyklandyryjy äheňde geçdi.

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň başlygy Rozyýewa Aýna