SANLY GÖRNÜŞE GEÇME ŞERTLERINDÄKI YKDYSADY ÖSÜŞ

     Sanly görnüşe geçme diňe bir täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmasy däl, eýsem ykdysadyýetiň hereketde bolmak esaslarynyn üýtgemeginiň düýpli we ulgamlaýyn gidişidir. Ol ykdysady ulgamynyn ähli derejelerine täsir edýär - aýratyn kärhanalaryň ownuk derejesinden global ykdysady aragatnaşyklaryn uly derejesine çenli. Sanly gornüşe geçmegin esasynda maddy önümçiligine esaslanan hojalygyn senagat modelinden esasy çeşmeleri maglumat, bilimler we olaryn netijeli işlenilme ukyby bolan  modellerine geçmesi ýatýar.

      Sanly görnüşe geçmegiň nazary esaslary “informasion ykdysadyýeti” diýen düşünje bilen berk baglydyr. Bu adalga, informasion prosesler bähbitleriň onümçiliginde, paýlanylmagynda we sarp edilmeginde merkezi orny tutýan ykdysady ulgamyny aňladyar. Şu baş ýörelgänin çäginde sanly tehnologiýalar ykdysadyýetin hereket bolmagyny üpün edýän infrastruktura esasy diýip hasap edilýär. Eger senagat ykdysadyýeti ýollara, demir ýollaryna we energetika daýanýan bolsa, onda informasion ykdysadyýeti telekommunikasion torlaryna, maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerine, bulut ulgamly hasaplamalara we maglumaty seljermek aňlaýyş ulgamlaryna esaslanýar.

      Sanly tehnologiyalaryn düýpli aýratynlygy olaryň giň gerimlik ukyby we köptaraplylygydyr. Ähmiýetli maddy maýa goýumlaryny we ornaşdyrmak üçin uzak wagty talap edýän senagat tehnologiýalaryň tersine, sanly çözgütler derrew we çäklendirmesiz diýen ýaly ýaýrap bilýär. Şol bir programma üçpjünçiligi ýa-da algritm bütin dünýä ýüzünde millionlarça ulanyjylar tarapyndan ulanylyp bilner, bu bolsa olaryň täsiriniň ösmeginiň göreldeli netijesine eltýär. Şol sebäpli sanly gornüşe geçmek, yurtlaryň we sebitleriň arasyndaky bilimlerin we tehnologiyalaryň alyşmasyny tizleşdirip, global ykdysady integrasiýasynyň ýagdaý boldy.

Lebap welaýat maliýe- ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gurbansahedowa G.J.