"Parahatlyk-milli mirasymyzyň özenidir" el işleriniň sergisi

   Göreniňde gözüňi gamaşdyrýan gözellikleriň ençemesi mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden, yhlasly zähmetinden kemala gelýär. Zenanlar gözüniň gören, göwnüniň söýen gözelligini öz el işlerine geçirýärler. Milli lybaslarymyzyň, çabytlarymyzyň keşdeler bilen sünnälenip, nagyşlanylyşyny synlanyňda, ene-mamalarymyzyň «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýlen sözüň asyl manysyna düşünmek bolýar. Türkmen zenanlaryna bolan näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly ajaýyp häsiýetleriň ählisi bu sungatda jemlenendir.

    Golaýda bilim ojagymyzda, Lebap maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde milli gymmatlyklarymyzy aýratyn sarpalanylýan döwründe çeperçilik senedimizi wasp etmek, ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimizi ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, “Parahatlyk-milli mirasymyzyň özenidir” ady bilen, el  işleriniň sergisi geçirildi. Onda ajaýyp milli el işlerimiziň birnäçe görnüşleri sergilenildi. Bu geçirilen sergi talyp ýaşlarymyzda medeni mirasymyza bolan buýsanjy, guwanjy döretdi.

   Sergä gatnaşyjylar bize şeýle ajaýyp durmuşy bagyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň, täze başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Nurlyýewa Dinara