Nowruz geldi ilime

   Golaýda Nowruz baýramynyň gelmegi mynasybetli Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde ýaşlaryň gatnaşmagynda «Nowruz geldi ilime» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärä gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlarynyň, baýramçylyklarynyň we toý dabaralarynyň täze many-mazmuna eýe bolýandygyny bellediler. Şeýle hem Nowruz baýramynyň tebigatyň bize eçilen iň owadan baýramy bolmak bilen bir hatarda köňülleriň hem baýramydygy barada öz çykyşlarynda beýan etdiler.

     Gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruzda halk oýunlary oýnalyp, toý tagamlary taýýarlanýar.

   Bu ýylky gelen Nowruz türkmen halkyna rysgal-bereket eçilsin! Döwletimiziň asudalygyny, abadançylygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy R.A.Jumakuliýew