Bahar pasly tebigatyň iň ajaýyp pursady, täzelenişiň ruhubelentligiň, agzybirligiň,şadyýanlygyň döredijiligiň rowaçlanýan pasly. Bu pasyl beýleki pasyllardan özüniň arassa we ýakymly howasy, tebigat gözellikleri hem ajaýyplyklary bilen tapawutlanýar. Läle-reýhan gülleriň ysy gelýän, ynsan kalbynda mähremlik, söýgi we bagtyýar durmuşa höwes döredýän şeýle ajaýyp günlerde Nowruz baýramy giňden bellenilýär. Niräňe seretseň gül-gülüstanlyk, Nowruz bilen bile gelen gyzyl gülälekler ajaýyp gözellik döredýär, adamlaryň ruhy dünýäsini heýjana getirýär. Nowruz türkmen halkynyň milli baýramlarynyň biridir. Bu baýram ençeme asyrlar bäri uludan bellenilip gelinýär. Ol täzelenişiň, gözellikleriň gözbaşy, milli däp-dessurlaryň özboluşly ýüze çykmasy, rysgal-berekediň sakasy hasaplanýar. Nowruz täze durmuşyň başlanmagyny, bahar paslynyň gelmegini aňladýar, belent ynsanperwerligi, hoşniýetliligi dabaralandyrýar. Bu baýram halkara derejesine eýe bolmak bilen, dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Şeýlelikde, Milli bahar baýramy taryhy gelip çykyşy boýunça baý medeni mirasy we ruhy däpleri jemleýän köptaraply baýramçylyga öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 21-nji martynda Halkara Nowruz güni diýlip kabul edilmegi-de, bu gadymy baýramçylygyň UNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy Nowruzyň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülendigini doly tassyklaýar. Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýram hökmünde giňden bellenýär. Täze ýylyň ilkinji güni hökmünde bellenip gelinýän Nowruz ýere ýyly girmegini, ekiş döwrüniň gelendigini, dünýäniň lälezarlyga öwrülendigini aňladýar.
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy: Gurbansähedowa Güljan