Monte-Karlo festiwalynyň baýragynyň eýeleri

   Türkmen halkynyň Milli  Lideri, Halk  Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynda saparda bolýan günlerinde "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip,Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ajaýyp netijesidir.

"Galkynyş" toparynyň at üstündäki oýunlaryny, onda-da Monte-Karloda  geçirilen halkara sirk sungaty festiwalyndaky üstünlikli çykyşyny teleýaýlym arkaly synlap oturyşymyza buýsançdan depämiz gök diredi. Türkmenistanyň çäklerinde daşarda hem örän meşhur bolan "Galkynyş" topary milli mirasymyzy Ýer ýüzünde giňden tanatmaga uly goşant  goşýar. Şeýle-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda,şanly seneler mynasybetli garalýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip,olaryň ähmiýetini we derejesini belende göterýär.Ajaýyp bedewlerimiziň gözelligi,çeýeligi,çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly herekleri ýerine ýetirýän ýigitlerimiziň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. ,,Galkynyş” topary at üstündäki oýunlary bilen nobatdaky gezek hem tomaşaçylary haýran galdyrandygy, muny olaryň dowamly el çarpyşdyrmalar bilen garşylanmagy-da subut edýär.

   Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak,şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça hem yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.

   Şeýle-de Monte-Karloda ahalteke atlary bilen gazanylan ynamly ýeňiş Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportumy ösdürmekde oňyn başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowamat-dowat etdirilmeginiň beýanydyr.

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Agajanowa Akmaral