Maýa goýum

    Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňligine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde durnukly ykdysady ösüş ýokary depginde üpjün edilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum syýasaty makroykdysady görkezijileriň deňagramly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän senagat pudaklaryny ýokary depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi yzygiderli ýokarlanýar. Kabul edilen milli we döwlet ösüş maksatnamalarynda täze, döwrebap kärhanalary gurmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlenendir. Bu wezipeler daşary ýurt tehnikalaryny we tehnologiýalaryny satyn almak bilen bir hatarda, milli innowasiýalar ulgamynyň bazar ýagdaýlaryna laýyk ösdürilmegini talap edýär hem-de ýurdumyzda maýa goýum syýasatynyň işjeň alnyp barylmagy bilen baglanyşdyrylýar.

    Maýa goýum işi bilen bagly düşünjeler «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda giňişleýin beýan edilýär. Hususan-da, girdeji almak ýa-da peýda gazanmak maksady bilen başy tutulýan telekeçilik we beýleki işlere gönükdirilýän emläk we paýhas gymmatlyklarynyň ähli görnüşi maýa goýumlara degişlidir. Maýa goýum işiniň subýektleri, maýadarlar we gatnaşyjylar hökmünde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary bolan şahsy we ýuridik taraplar, şeýle-de şol döwletleriň özleri çykyş edip bilýär. Maýa goýum işiniň esasy görkezijisi bolup onuň netijeliligi we maýa goýum taslamasynyň maliýe taýdan öz-özüni dolandyrmasy çykyş edýär.

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, mekdebiň Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň başlygy Aýna Rozyýewa