Maliýe we bank ulgamyndaky özgertmeler

      Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ählli ulgamlarynda we pudaklarynda hem-de çäkler boýunça milli ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirilmegi dowam edýär. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasy”, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-njii ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” ýaly toplumlaýyn ösüş maksatnamalaryň her biri ykdysadyýetiň her biri ykdysadyýetiň çalt depginde ösmegini üpjün etmekde takyk wezipeleri amala aşyrýar. Şu maksatnamalaryň çäginde her ýyl ýurdumyzda döwrebap we ýokary hilli ýaşaýyş jaýlarynyň, maliýe we bank ulgamynyň edara binalary, bilim, saglygy goraýyş, sport toplumlary ulanylmaga berilýär.

       Türkmenistanyň milli bank ulgamynyň işgärleriniň dünýäde we sebitde toplanan oňyn tejribeleri öwrenmäge we şol öňdebaryjy iş usullaryny önümçilige ornaşdyrmagyň tärlerini özleşdirilmegi ugrunda-da netijeli çäreler durmeşa geçirilýär, munuň esasynda olara bank hyzmatlaryny amala aşyrmagyň dünýäde iň öňdebaryjy usullary öwredilýär. Şeýle köp ugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň özara gatnaşyklarynyň has-da ösmegine ýardam edýär.

   Liderimiziň yglan eden il-ýurt bähbitli maksatnamalaryny amala aşyrmakda bankyň karz hyzmatlaryna aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzyň banklarynyň ýerine ýetirýän amallarynyň içinde aýratyn hem ipoteka karzy uly islege eýedir. Bütin dünýäde banklar maliýe araçasy bolmak bilen, maliýe önümleriniň we hyzmatlarynyň öndürijisi bolup çykyş edýärler.

      Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokary derejä götermekde Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolup, il ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli tutumly işleri mundan beýläk rowaçlyklara beslensin.

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy: Goçmyradowa A.