Milletimiziň ylym-bilim kuwwaty we ylmy-tehniki mümkinçilikleri ýurdymyzyň innowasion ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegine ýardam berýän serişdedir. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly we netijeli ösmegi ylymyň, tehnikanyň, tehnologiýalaryň hem-de innowasion özgertmeleriň netijeleriniň durmuşa öz wagtynda we maksada laýyk ornaşdyrylmagyna köp derejede bagly bolup durýar. Ylmyň, bilimiň sazlaşykly ösdürilmegi çylşyrymly meseleleriň çalt we netijeli çözülmegine ýardam edýär. Häzirki zaman düýpli globallaşma döwründe islendik döwletiň esasy maksady innowasiýalary we bilimler ykdysadyýetini kemala getirmek bolup durýar. Innowasion ykdysadyýet innowasiýalara, yzygiderli kämilleşdirýän ýokary tehnologiýalara, olaryň esasynda taýýarlanylýan önümleriň önümçiligine hem-de eksportyna esaslanýar.
Ýurdumyzda täze innowasion tehnologiýaly önümçilikleri ýola goýmak, himiýa senagatynyň ýokary depginli ösüşini üpjün etmek, bu pudagyň önümlerini öndürmegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek we bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen “Türkmen himiýa” döwlet konserniniň buýurmagynda Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Himiýa tehnologiýalary instituty
Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda 2019 – 2025- nji ýyllarda umumy orta bilim berýän ulgamy ösdürmegi dowam etdirmek dünýä ykdysadyýetini ýa-da aýratyn alnan döwletde halk hojalyk toplumyny hil taýdan täze derejä çykarmaga köp sanly ýagdaýlaryň ýardam edýändigi jedelsizdir.
Türkemenistanyň we onuň sebitleriniň durnukly ösmegi, ilkinji nobatda zähmet gorlarynyň ylym–bilim we hünär derejesine baglydyr. Hormatly Prezidentimiz: “Häzirki wagtda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirmegine öňde goýan betent maksatlara ýetmekde bilimiň, ylymyň orny örän uludyr” diýip belleýär. Bu parasatly sözler durmuş-ykdysady ösüşiniň many mazmunyny özünde jemleýär.
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy A.Goçmyradowa