Hoşallyk maslahaty geçirildi

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Lebap welaýat şahamçasynyň guramagynda "Türkmenistan bedew batly sary barýar" atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata mekdebiň mugallymlary, talyp ýaşlary hem-de partiýanyň welaýat şahamçasynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň maksady ýurdumyzda gazanylýan belent sepgitlere, ykdysady ösüşlere we milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjy beýan etmek. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bilim we ykdysadyýet ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.