Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda ýaşlaryň bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmeklikleri üçin giň gerimli işler, döwlet syýasaty alnyp barylýar. Ata - babalarymyzyň “Kitap okan gullar, manydan dokdur” diýen ýörelgelerinden ugur alnyp bolsa ýaşlarymyzy kitap okamaklyk üçin, ylym bilen meşgullanmaklygy üçin kitaphanalar döredilýär. Biziň hem Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebimizde ýaşlarda kitaba bolan söýgüni döretmek maksady bilen Lebap welaýat kitaphanasy bilen meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Kitaphana günleri geçirilýär. Mekdebimizde kitap sergileri, ýazyjy-şahyrlaryň eserleri esasynda bäsleşikleri, duşuşyklary yzygiderli geçirilip durulýar. Şeýle çäreleriň biri hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli “Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym” ady bilen geçirilen kitap sergisidir. Bu sergi Lebap welaýat kitaphanasynyň ikinji derejeli kitaphanaçysy Kurbanowa Şemşadyň guramagynda bolup, bu serginiň çäginde Türkmenistan döwletimiziň ata-baba ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk, ynsanperwerlik, ynanyşmaklyk esasynda söhbetler bolup, onda bu ugurda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin söhbetler guralyp talyplarda uly gyzyklanma döredip, ýaşlarda Watanymza bolan buýsanjy galkyndyrdy.
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň kitaphanaçasy Kerimowa Nurana