Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jem-gyýetçilik we döwlet durmuşynyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler, giň gerimli, oňyn özgerişler gazanylýar. Ýurdumyzda yaşlaryň sagdyn ösmegi, çuňňur bilim we mynasyp edep-terbiye almagy, giň dünyägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär.Durmuş ulgamy islendik döwletiň ykdysady we durmuş ösüşiniň ýagdaýyny kesgitleýän görkezijileriň biri bolmak bilen, raýatlarymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adam mertebesini, azatlygyny we hukuklaryny goramak boýunça ykrar edilen kadalar we binýatlaýyn ýörelgeler jemgyýetde ileri tutulýan ruhy-ahlak gymmatlyklara doly sazlaşdyrylandyr. Türkmen milletine mahsus bolan ynsanperwerlik ýörelgesi häzirki döwürde alnyp barylýan durmuş özgertmeleriniň mazmunynda aýdyň beýanymy tapýar we ýurdumyzyň döwletlilik esaslarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna alyp barýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türk-menistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ilatyň ýaşaýyş-durmuş hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň möçberli taslamalary amala aşyrmagyň möhüm wezipelerini öz içine alýar. Durmuş ulgamyny yzygiderli ösdürmegiň çäklerinde ýurdumyzda köpsanly ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş ugurly, söwda we hyzmatlar merkezleri, döwrebap hassahanalar hem şypahanalar, okuw we terbiýeçilik, medeniýet we sport edaralary gurulýar.
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Nurlyýewa Dinara