Çüýler we gahar baradaky hekaýa

«EDEBI GATNAŞYKLAR-EBEDI GATNAŞYKLAR» bäsleşigine hödürlenýär

RUSSIÝA FEDERASIÝASY, MONIKA MASGEDI KOTOWA 

Çüýler we gahar baradaky hekaýa

        Bir wagtlar gaty gaharjaň we öz gaharyny saklap bilmeýän ýigit ýaşapdyr. Günleriň birinde atasy oňa bir haltajyk çüý berip we oňa şeýle diýdi, haçan-da gaharyňy saklap bilmedik ýagdaýyňda ýa-da biri bilen gaharlaşaňda, şol çüýleriň birini bagyň germewne kakmagy tabşyrypdyr. Ilkinji gün germewde onlarça çüý  peýda bolupdyr. Indiki hepde ýigit gaharyny saklap başlamagy öwrenipdir, we her geçen gün germewe kakýan çüýleriň sany azalypdyr. Sebäbi ýigit düşünipdir, gaharyňy saklamak, çüý kakmakdan aňsat eken. Ahyry, ýigidiň germewe birje-de çüý kakmadyk güni gelip ýetipdir, bu barada atasyna aýdypdyr. Şonda atasy oňa şeýle diýipdir:

- Indi her gezek gaharyňy saklap bilen wagtyň, germewden bir çüýi sogrup aýyr. Günler geçip, ahyry ýigit atasyna ähli çüýleri sogrup aýrandygyny habar beripdir. Atasy oglunyň elinden tutup, ony germewiň ýanyna eltipdir:

- Oglum, sen özüňi gowy alyp bardyň, ýöne seret germewde näçe deşik galdy. Ol indi öňküsi ýaly bolmaz. Haçan-da sen biri bilen jedelleşip, gahar bilen oňa göwnüne alaýjak zatlar aýdanyňda, senem şunuň ýaly adamda öçmejek ýaralar galdyrýaň. Sen adama pyçak sokup, soň ony çykaryp bilersin, ýöne ýara elmydama galar. Sen näçe gezek ötünç sorasaň-da, dil ýarasy bitmez. Söz bilen ýetirilen ýara, fiziki agyry ýaly agyrdyr.

Hekaýanyň manysy: Adamlara agry bermän, göwnüne degmän ýaşamak. Gahar bilen aýdylan adalatsyz sözler, ýaraşykdan soň hem, adamyň kalbynda öçmejek yz galdyrýalar.

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň II ýyl talyby Narzyýewa Merjen