Bedewler-buýsanjymyz we baýlygymyz

     Gahryman Arkdagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen bu günki gün, ata-baba ýolyny dowam edýän, milli gymmatlyklaryň mekany bolan eziz Diýarymyzyň türkmeniň uçar ganaty, syrdaşy hasaplaýan ahalteke bedewleri mynasyp bahasyna eýýe bolýar. Bu bolsa parasatly ata-babalarymyzyň ýiti zehin, irginsiz yhlas-zähmeti bilen kämilleşdiren milli mirasymyzyň baýlyklary naýbaşy nusgalarynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi halk hazynasyny goramaga ähli zerur şertler döredileýän eziz Diýarymyz, mähriban halkymyzyň dünýädäki at-abraýyny belende göterýär.

       Biziň ahalteke bedewlerimiz tebigy taýdan owadandyr. Olaryň horguryp, çarpaýa galyp kişňeýşi, seýkin ýöreýşi, ulugyz deýin sülmüräp durşy özbaşyna täsinlik. Häzirki wagtda bilermenleriň çaklamalaryna görä dünýäde bedewleriň 250-ä golaý görnüşi bardyr. Biziň ruhy dünýämizde ahalteke bedewiniň gelip çykyşy barada dürliçe garaýyşlar, rowaýatlar saklanyp galypdyr. Olaryň käbirlerinde ahalteke bedewlerimiziň ýel atyndan, suw atyndan, asman atyndan gelip çykandygy barada aýdylýar. Ýelden ýyndam, kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan bedewleriň nesliniň deňiz atlaryndan gaýtýandygy barada hem maglumatlaram bardyr. Bu bolsa alty-ýedi ýyl ozal hem türkmen topragynda şabaz atlaryň seýislenendigini tassyklaýar.

       Bu bolsa Milli Liderimiz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tagallalary bilen “Türkmen ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnama hökmünde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen milli seýisçilik sungatymyz täze ykbala gowuşdy. Ony ösdürmek boýunça bolsa Watanymyzda atçylyk sportyň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary, ylmy maslahatlary, türkmen ýigitleriniň at üstündäki oýunlary bilen dünýä ýaryşlarynda abraýly orunlary eýýelemegi,  bedewlerimiziň şöhradyny taryhdaky ýaly dünýä ýaýýar.

       Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebimizde-de milli bedewlerimize goýulýan sarpany ýaşlara wagyz etmekde dürli wagyz-neshat çäreleri, bäsleşikleri, ýaryşlary geçirilýär. Şolaryň biri hem behişti bedewlerimiziň tarypyny ýetirýän zehinli talyplaryň arasynda geçirilen surat bäsleşigidir. Bäsleşigiň dowamynda talyplaryň çeken suratlarynda atlaryň tebigy gözelligini, syratlylygyny, wepalylygyny öz zehinleri bilen ýetirmeklige çalyşdylar. Talyplar häzirki döwürde bedewlerimize goýulýan sarpany özleriniň çeken ajaýyp suratlarynda şekillendirmekligi bu ýoluň ýaşlar tarapyndan hem ýola goýulýandygyny aýdyň göz ýetirýärsiň. Bäsleşigiň netijesinde emin agzalarynyň baha bermeginde iň gowy we manly suratlary çeken talyplara orunlar berlip mekdebimiz tarapyndan taýýarlanylan sowgatlar bilen sylaglanyldy. Bu çäräniň geçirilmegi bolsa ýurdumyzda ahalteke bedewlerimiziň şan–şöhradyny arşa galdyrmakda  we seýisçilik sungatyny dünýä ýaýmakda Hormatly Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döwlet syýasatlary amala aşyrylýar.

         Halkymyzy eşretli zaman ýetirip, milli ýol-ýörelgelerimiziň täzeden dikeldilmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri dowamat dowam bolsun.

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň başlygy Rozyýewa Aýna