Bedew batly diýarym, öňe sary barýar

      Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlarynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda "Bedew batly diýarym, öňe sary barýar" atly maslahat geçirildi.

     Agzybir halkymyz täze taryhy döwrümiziň şöhratly sahypalaryny ýazjak ajaýyp ýyllaryň ýene birine - "Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany" ýylyny uly ynam we ruhybelentlik bilen gadam basdy.

      Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da kuwwatyňnyşany bolman, eýsem, asyllylygyň wepanyň we sarsmaz dostlugyň nyşanydyr. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

     Bizi şular ýaly ajaýyp zamanada ýaşadýan, Milli Liderimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaçlyklary beslensin.

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Muradow Allamurad