Bahar pasly baýramlaryň paslydyr

   Pasyllaryň soltany bahar pasly belent ruh hem tolkun atyp duran ylham bilen gadam basýar. Baglarda agaçlar pyntyk ýaryp, täzeden döreýiş döwrüni başdan geçirýän tebigatyň uzyn taryh gatynda ýene bir täze sahypa ýazylyp başlanýar. Ol taryh gatlaryna tebigat gözelliklerinden ruhlanan raýatlaryň ýagşy amallary, eden sogap işleri, birek-birege bolan söýgüsi bahar bägülleri bilen ýazylýar. Baharyň gelmegi bilen giň ýazylyp ýatan sähralar, gür baglar, dag-dereler ýaöyl reňke boýalyp. üstünde keşde çekilen mysaly açylan güller gözleri gamaşdyrýar.
   Baýyrlar ýaşyl donuny geýip, depe-düzler gyzyl güläleklerden ýaňa, elwan haly ýazylan ýaly boldy. Şeýle bir owadan güller açylypdyr, jümle-jahan durşuna gülälek. Giň jahan gülleriň, şabrap ýagan ýagşyň ysyndan ýaňa bark urup dur. Meýdanyň arassa howasy keýpiňi göterýär. Ýaşyl begrese bürenen baglardan gözüňi aýrybilmän synlap durşuňa, pyşyrdanyňy duýman galýarsyň: “Ýaşyl şahalarda ýaşaýşyň, bakylygyň reňki bar”.
Baglarda guşlaryň mahmal owazy, hoşboý ysyny dünýä ýaýýan älemgoşar mysaly gülleriň üstüne kebelekleriňdir bal arylarynyň gonmagy, säheriň mymyk howasy bahar buşlukçylary. Bahar pasly kebeleklere meňzeş. Kebelegiň bir özünde barlygyň ýedi reňki janlanan. Baharyň älemgoşarynda hem hut şu reňkler jemlenen. Ol reňkler üýtgeşik sazlaşygy we täsirliligi bilen ynsanda ýaşaýşa bolan mukaddes söýgini döredýär. Bu söýgini joşduryp, öz yşkynda däli-diwana öwürýär. Kebelek ýagyş-ýagmyrlardan soň peýda bolýar. Bahar hem ýagyşdan soň öz görküni açýar. Her ýyl baharyň gelşi ýaly kebelegiň döremegi hem tebigatyň bir kanuny ahyry.
   Bahar erikleriň, şetdalylary, almalaryň owadan reňbe-reň gülleri, ýaşyl maýsalaryň jana şypaly ysy bark urýar. Şol pursat bolsa ýüreklerimiz joşgundan, ylhamdan, hyjuwdan püre-pürlenýär. Baharda ýazlyga çykmak, hiňňildikde göwün solpuňy çykaryp uçmak, owlak-guzularyň arasynda şolar bilen deň bökjekleşýän körpejeleriň şat owazlaryny diňlemek, säher-sabada semeniniň ýüzündäki Äşe bilen Patmanyň el yzlaryny görüp arzuw etmek, läle kakmak, küşt depmek uly bagt. Bularyň ählisi bahar paslynyň ynsana bagyş edýan şatlyklary!

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Mähri Ýagmurowa