2025-nji ýylyň 22-nji martynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilip, bu asylly işe Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr, talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Munuň özi ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, ata-babalarymyzdan miras galan daşky gurşawy aýawly seretmek ýaly milli däplerimiz häzirki günde aýratyn uly ähmiýete eýedir. Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň töwereginde saýaly baglaryň ekilmegi daşky gurşawyň arassalygyny, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýär.
Ýurdumyzda ähli ýerinde bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal ekilen hem-de boý alan baglara ideg etmek işleri hem geçirildi.
Şunuň bilen baglylykda, ählihalk bag ekmek dabarasynda bilim ojagymyzyň mugallymlarydyr, talyplary welaýatymyzyň çäklerinde bag nahallaryny oturtdylar. Şeýle-de bag nahallaryna talabalaýyk ideg işleri edildi. Ýokary ruhybelentlikde geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden ýaýbaňlandyryldy.
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy A.A.Muradow